Gizlinlik Syýasaty — Türkmen Mesihiler
Soňky täzelenme: 24 Iýun 2026 “Türkmen Mesihiler” saýtynda (mundan beýläk “Biz”) ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň goralmagyna aýratyn üns berýäris. Bu syýasat biz nähili maglumatlary alýandygymyzy we olaryň nädip ulanylýandygyny gysgaça düşündirýär.
1. Biz haýsy maglumatlary ýygnayarys? Biz iki görnüşde maglumat alýarys:
A. Siziň öz islegiňiz bilen beren maglumatlaryňyz: E‑mail salgysy Atyňyz (eger berseňiz) Bize ugradan islendik ýazgy ýa-da sorag
B. Saýtymyzy ulananyňyzda awtomatiki ýygnalýan maglumatlar: IP salgysy Enjam we brauzer maglumatlary (meselem, enjamyň görnüşi, ulanýan brauzer) Saýtda nähili hereket edýändigiňiz (meselem, haýsy sahypalara girendiginiz) Bu maglumatlary Meta Pixel (Facebook/Instagram) ýaly tehniki gurallar arkaly ýygnaýarys. Bular bize mazmunymyzyň näderejede täsirli bolýandygyny görmäge we ony gowulandyrmaga kömek edýär.
2. Maglumatlary nädip ulanýarys? Berlen maglumatlar diňe şu maksatlar üçin ulanylýar: Size Mesihilik baradaky düşündiriji we ruhlandyryjy mazmun ugratmak Täzelikler, makalalar we wideo baglanyşyklary paýlamak Soraglaryňyza jogap bermek Biz ulanyjylaryň maglumatlaryny satmaýarys.
3. Maglumatlaryň paýlanmagy Maglumatlaryňyz diňe şu ýagdaýlarda paýlanyp bilner: E‑mail habarlaryny ugratmakda bize kömek edýän hyzmat üpjün edijiler bilen (meselem, Brevo). Olar maglumatlary diňe bize hyzmat etmek üçin ulanyp bilýärler. Saýta giren wagtyňyz ulanylýan tehniki gurallar bilen (meselem, Meta Pixel). Bu gural sahypa girişler we käbir hereketler barada maglumat Meta (Facebook/Instagram) kompaniýasyna iberýär, mazmunymyzyň netijeliligini ölçemek üçin. Meta-nyň bu maglumatlary nähili ulanýandygy barada has giňişleýin maglumat olaryň gizlinlik syýasatynda bar: https://www.facebook.com/privacy/policy/ Kanun tarapyndan talap edilen ýagdaýlarda. Başga hiç hili taraplara maglumat berilmeýär.
4. Siziň hukuklaryňyz Siz islendik wagt: Maglumatlaryňyz barada sorag berip bilersiňiz Maglumatlaryň düzedilmegini ýa-da pozulmagyny talap edip bilersiňiz E‑mail habarlaryndan çykyp bilersiňiz
5. Maglumatlary näçe wagt saklaýarys? Siziň e-mail salgyňyzy we beren beýleki maglumatlaryňyzy, siz e-mail habarlaryndan çykýançaňyz saklaýarys. Çykan dessiňiz, mundan beýläk size hat ugratmaýarys.
6. Maglumatlaryň goralmagy Biz maglumatlaryňyzy ygtybarly saklamak üçin degişli çäreleri görýäris. Ýöne internet arkaly geçirilýän maglumatyň doly ygtybarlydygyna kepil geçip bilmeýäris.
7. Çagalar baradaky maglumatlar Biz 13 ýaşdan kiçi ulanyjylardan maksatlaýyn maglumat ýygnamaýarys.
8. Syýasatyň üýtgedilmegi Bu syýasat wagtal-wagtal täzelenip bilner. Täzelenen görnüşi şu sahypada ýerleşdiriler.
9. Habarlaşmak üçin Soraglaryňyz bar bolsa, bize ýüz tutup bilersiňiz:
E‑mail: maglumat@turkmenmesihiler.com